Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky

Sarp ediş karzy

Sarp ediş karzy


Möhleti: 2 ýyla çenli


Möçberi: 20 000 (ýigrimi mün) manata çenli


Göterim derejesi: ýyllyk 15% göterim


 


Karzyň möçberi müşderiniň aýlyk alýan girdejisine we üpjünçilik hökmünde goýulýan girewe bagly bolup durýar. Girew hökmünde awtoulag serişdeleri (2003ý. we ýokary ýyllarda çykarylan bolmaly) we hususy ýasaýys jaýlar (ýazgyda 2 adamdan köp adam durmaly däl) kabul edilýär. 


Bellik: Alynjak girewler bankyň kesgitlän töwekkelçilikleri esasynda degişli guramalar tarapyndan ätiýäçlandyrylýar. Ätiýaçlandyrys tölegi müşderi tarapyndan karzyň möhletine laýyklykda bir gezekde doly möçberde tölenilýär. Seýle hem karz şertnamasyny resmileşdirmek we nagt pul bermek üçin bank öz nyrhnamasyna görä ýygymyny alýar.


 


Sarp ediş karzyny almak üçin zerur bolan resminamalar:


1. Arza (bankda doldurylýar)


2. Karz soraýanyň pasportynyň nusgasy;


3. Karz soraýanyň şahsy maglumatnamasynyň nusgasy;


4. Karz soraýanyň işleýän ýerinden kepilnama (wezipesi we aýlyk zähmet haky barada);


5. Karz soraýana zamunçy boljak 1 sany sahsyň pasportynyň nusgasy we isleýän ýerinden kepilnamasy (wezipesi we aýlyk zähmet haky barada);


6. Karz soraýan öýlenmedik (durmuşa çykmadyk) bolsa, ZAGS-dan degisli kepilnama; Eger-de karz soraýan öýlenen (durmuşa çykan) bolsa, nika hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy we aýalynyň (ýoldasynyň) pasportynyň nusgasy; Karz soraýan nikasyny bozan bolsa, nikanyň bozulandygy hakynda sahadatnamanyň nusgasy we ZAGS-dan degişli kepilnama;


7. Karz nag-däl görnüsinden berilýän bolsa, hasap-faktura, harydy satyjynyň degişli resminamalary.


8. Ýasaýyş ýerinden kepilnama.


9. Bank tarapyndan talap edilip bilinjek beýleki resminamalar.